Gazada Guralan Soňky Hüjümlerde 37 Palestinaly Ýogaldy
Gazadaky 564 mekdepden 477-sine Ysraýylyň hüjümleri sebäpli zeper ýetirildi.
Ysraýylyň Gaza Sektorynda guraýan hüjümlerinde soňky 24 sagatda 37 palestinaly ýogaldy.
Ysraýyl, Gazada gyrgynçylykly hüjümlerini dowam etdirýär.
Ysraýylyň harby goşuny Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýede palestinalylaryň bolýan Halime as Sadiýa mekdebini bombalady.
Uçarmansyz howa ulagy bilen guralan raketa hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy.
Jibaliýedäki mekdep, Ysraýyl tarapyndan bombalanan ýüzlerçe mekdenden diňe biri.
Gazadaky 564 mekdepden 477-sine Ysraýylyň hüjümleri sebäpli zeper ýetirildi.
12 uniwersitet dolulygyna ýykyldy.
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli soňky 24 sagatda 37 palestinaly ýogaldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň, ýaralananlaryň sany bolsa 94 müň adama ýetdi.
Degişli Habarlar
1 Ýylda 193 Gämini Nyşana Aldyk
Husiler ABŞ-na, Ysraýyla we Britaniýa degişli 193 gämini nyşana alandyklaryny habar berdi.
Dünýäniň Çar Tarapynda Palestina Goldaw Ýörişi Geçirildi
Basyp alyjy Ysraýylyň Gazada başladan genosidi doly 1 ýyldan bäri dowam edýär.