Aýşenur Ezgi Eýginiň Öldürilmegine Berk Garşylyk Görkezilýär
Türk meýletini Aýşenur Ezgi Eýginiň öldürilmegi ýazgaryldy.
Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriada guran hüjüminde meýletin Aýşenur Ezgi Eýginiň öldürilmegine berk garşylyk görkezilýär.
Palestinanyň Daşary işler ministrligi, Türkiýäniň we ABŞ-nyň raýaty bolan Aýşenur Ezgi Eýginiň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada ysraýylly esgerler tarapyndan öldürilmeginiň Ysraýylyň edýän jenaýatlaryny açyk aýdyň görkezýändigini mälim etdi.
Ministrlikden berlen ýazmaça beýannamada, “Bu jenaýat, basyp alyjy Ysraýylyň halkymyza garşy edýän jenaýatlarynyň bir bölegidir. Basyp alyjy döwlet, halkymyza we gowgamyza goldaw berýän meýletinleri hem nyşana alýar” diýildi.
Beýannamada, türk meýletini Aýşenur Ezgi Eýginiň öldürilmegi ýazgaryldy.
Hamas tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, türk meýletini Aýşenur Ezgi Eýginiň ysraýylly esgerler tarapyndan öldürilmegine ABŞ-nyň Ysraýyla goldaw berýän syýasatynyň sebäp bolandygy nygtaldy.
Beýannamada, Eýginiň kellesinden atylyp öldürilmegi berk ýazgaryldy we hüjüm “elhenç jenaýat” hökmünde häsiýetlendirildi.
BMG hem Türkiýäniň we ABŞ-nyň raýaty bolan Aýşenur Ezgi Eýginiň basyp alyjy ysraýylly esgerler tarapyndan öldürilmegi wakasynyň giňişleýin derňelmegini we jogapkärleriniň jezalandyrylmagyny talap etdi.
Degişli Habarlar
ABŞ Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär
Ýangynda 1 million gekdarlyk tokaýyň ýanyp kül bolandygy bellenildi.