Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde soňky 10 günde 456 adam ýogaldy
Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 40 müň 861 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 94 müň 398 adama ýetdi
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 334 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada guran hüjümlerinde ýene-de 42 palestinalynyň ýogalandygy, 107 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy guramaga dowam edýän hüjümlerinde soňky 10 günde ýene-de 456 adam ýogaldy, 930 adam hem ýaralandy.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 40 müň 861 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 94 müň 398 adama ýetendigi ýatladyldy.
Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.
Degişli Habarlar
“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”
Zelenskiý, Italiýada geçirilýän Ambrosetti forumynyň Ukraina-Russiýa söweşi oturlyşygyna gatnaşdy.
Gazada Guralan Soňky Hüjümlerde 37 Palestinaly Ýogaldy
Gazadaky 564 mekdepden 477-sine Ysraýylyň hüjümleri sebäpli zeper ýetirildi.