Koreýa Respublikasynda Kowid-19 Sebäpli Çäreler Güýçlendiriler

Koreýa Respublikasy tomus aýlarynda artan täze görnüş korowawirus ýogakjynyň artmagy sebäpli bar bolan çäreleri güýçlendirer.

2174812
Koreýa Respublikasynda Kowid-19 Sebäpli Çäreler Güýçlendiriler

Koreýanyň Hassalyklara gözegçilik we öňüni alyş gullugy (KDJA) ýurtdaky Kowid-19 hassalygyna ýokaşýanlaryň sanynyň artmagy sebäpli herekete geçdi.

Hassalygy gözegçilik astyna almak üçin degişli çäreleri güýçlendirjekdiklerini beýan eden resmiler, ýokançlaryň analizini, bejergi we beýleki lukmançylyk enjamlarynyn usulyýetini ösdürmek üçin iş toparyny giňeltjekdiklerini mälim etdi.

Koreýa Respublikasynda awgust aýynyn birinji hepdesinde Kowid-19 sebäpli hassahanalara ýüz tutanlaryň sany 861 adama ýetip, 4 hepdede 6 esse ýokarlandygy beýan edilipdi.

Resmiler 65 ýaşdan ýokardaky raýatlaryň Kowid-19-a garşy sanjymlanmagyna oktýabr aýynda dowam etjekdigini aýdypdy.



Degişli Habarlar