Ysraýyl-Liwan liniýasynda dartgynlyk möwjeýär
Liwandaky Hizbullah hereketi Ysraýylyň demirgazygyndaky bazalaryň birine köp sanda uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny habar berdi
Ysraýyl hem Liwanyň günortasyny howa hüjümleri bilen nyşana alyp hüjüm gurady.
Ysraýylyň harby uçarlary sebite yzly-yzyna hüjümler gurady.
Maýfadun diýilýän ýerde 4 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy.
Hizbullah bolsa Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran hüjümlerine garşylyk görkezip, Siriýada Ysraýylyň basyp alyşlygy astynda bolan Golan depelerindäki Neria dagy bazasyna hüjümiň guralandygyny mälim etdi.
Barha artan dartgynlyk sebäpli Günorta Koreýa syýahatçylyk duýduryşyny has hem giňeldip, raýatlarynyň Ysraýyla we Liwana syýahat etmekleriniň gadagan ediljekdigini mälim etdi.
Hytaý hem Liwana gitjek raýatlaryna adatdan daşary ýagdaýlara taýarlykly bolmaklary barada çagyryş berdi.
Germaniýanyň metbugaty bolsa hökümediň Ýakyn Gündogardaky raýatlaryny ewakuasiýa etmäge taýarlyk görýändigini öňe sürdi.