“Ysraýyl Abanýan Howplara Garşy Taýar”
Netanýahu, ýurdunyň “goranyş hem-de hüjüm taýdan degişli taýarlyklaryny görendigini we ähli taraplaýyn taýardyklaryny aýtdy.
2170529
Ysraýylyň Premýer-minisrti Binýamin Netanýahu, ýurdunyň “goranyş hem-de hüjüm taýdan degişli taýarlyklaryny görendigini we ähli taraplaýyn taýardyklaryny aýtdy.
Premýer-ministrlikden berlen beýannama görä, Netanýahu Içerki front serkerdeliginde geçirlen maslahata gatnaşdy.
Netanýahu maslahatda Ysraýylyň goranyş hem-de hüjüm taýdan degişli taýarlyklaryny görendigini we ähli taraplaýyn taýardygyny nygtady.
Ysraýyla garşy guraljak haýysydyr bir hüjüme berk gaýtawul görkezjekdiklerini öňe süren Netanýahu, “Bize zeper ýetirene biz hem zeper ýetireris” diýdi.