Ysraýyl howpsuz zolak hökmünde yglan eden sebitde operasiýa geçirer

Ysraýyl 7-nji oktýabrdan bäri hüjümlerini dowam etdirýän Gaza zolagynda howpsuz zolak hökmünde yglan eden sebitde operasiýa geçirjekdigini aýan edip, palestinalylardan ol ýerleri boşaltmaklaryny isledi

2168283
Ysraýyl howpsuz zolak hökmünde yglan eden sebitde operasiýa geçirer

Ysraýylyň goşunynyň metbugat geňeşçisi Awiçaý Adrai sosial media ulgamyndna beren beýanatynda, Gaza şäheriniň merkezinde Aş-Şüheda we Al-Bureýj etrapçalarynda, ozal howpsuz zolak hökmünde yglan eden käbir ýerlerde operasiýa geçiriljekdigini belläp, sebitiň ýaşaýjylaryna ol ýerleri boşaltmaklary barada çagyryş berdi. 

Awiçaý Adrai Ysraýylyň howpsuz zolak hökmünde yglan eden zolagyň kiçeldilendigini, sebitiň käbir ýerlerine hüjümleriň guraljakdygyny we palestinalylaryň dessine we wagtlaýyn häsýetde Al-Mewasi etrapçasyna gitmeklerini isledi. 

Ysraýylyň ady agzalan ýerlere hüjüm guramak ähtimallygy sebäpli ýüzlerçe palestinaly sebiti terk etmäge mejbur galdy. 

Ýanlaryna birnäçe goş alyp ýola çykan we aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat ýüzlerçe gazaly, ulag tapmandyklary üçin ýöräp sebitden çykmaga synanyşýar. 

Ysraýylyň goşunynyň ozal howpsuz zolak hökmünde öňe süren Gaza zolagyndaky Han Ýunus şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Al-Mewasi sebitine 13-nji iýulda harby uçarlar bilen guran hüjüminde, ýarsy zenanlardan we çagalardan ybarat 90 palestinaly ýogalypdy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna guraýan hüjümlerinde azyndan 16 müň 192-si çaga, 10 müň 798-si zenan bolmak bilen 39 müň 324 palestinaly ýogaldy, 90 müň 830 palestinaly bolsa ýaralandy. 


Etiketkalar: #Han Ýunus , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar