BDSGG Gazada Çaga Ysmazy Sebäpli Alada Bildirdýär
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 10 aýdan bäri Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolan Gazada zyňyndy suwlarda anyklanan çaga ysmazy firusy sebäpli ýüze çykmagy ähtinalk epidemiýa “aşa uly alada” bildirilýändigini beýan etdi.
2166517
Guramanyň Palestinanyň basylyp alynan ýerlerindäki saglyk ýagdaýyndan jogapkär Aýadil Saparbekow Gazadaky çaga ysmazy epidamasy howpy hakynda analiz berdi.
BMG-niň Ženewada geçirilen metbugat ýygnagyna Gazadan gatnaşan Saparbekow; “Gazada ýüze çykmagy ähtinal epidemiýa boýunça men iňňän aladaly” diýdi.
Saparbekow Gazadaky zyňyndy suwlarda geçirilen barlaglarda çaga ysmazy tip iki wirusyna gabat gelinmeginden bäri henize çenli şol hassalyga ýolugana gabat gelinmändigini beýan etdi.
Aýadil Saparbekow diňe bir çaga ysmazy epidemiýasy boýunça däl, Gazada ýüze çykmagy ähtimal ýokanç kesel epidemiýasy boýunça hem aladalydygyny nygtady.
Hepdäniň ahyrynda Gaza Sektorynyň günortasyndaky Han Ýunus bilen merkezi sebitdäki Deýr al-Balah şäherlerinde tip iki çaga ysmazy wirusynyň anyklanandygy habar berilipdi.
Degişli Habarlar
Halkara Günägeçişlik guramasy Ysraýyly Gazada “Genosid” Edýänlikde Günäkärledi
Bu barada Guramanyň Baş sekretary Agnes Kallamard halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.