Çilide ýer titremesi boldy

Günorta Amerika ýurdy bolan Çiliniň demirgazygynda 7,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy

2164742
Çilide ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi güýç merkezi Antofagasta sebitiniň San-Pedro-de-Atakama obasydygy mälim edildi. 

7,4 bal ululygyndaky ýer titreme, ýeriň 117 km aşagynda emele geldi. 

Ýer titremeden soň sunaminiň boljakdygy barada duýduryş berilmedi, tebigy apatda häzirki wagta çenli adam pidalary barada maglumat berilmedi. 

Ýer titreme Perunyň günortasynda ýerleşýän Takna we Arekuipa sebitlerinde hem duýulandygy we halkyň arasynda howsala döredendigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Çili

Degişli Habarlar