Ysraýyl Gaza zolagynyň Han Ýunus şäherinde palestinalylaryň sygynan mekdebe hüjüm gurady

Ysraýylyň Gaza zolagynyň Han Ýunus şäherinde öz ýaşaýan ýerlerinden göçen palestinalylaryň sygynan mekdebe guran hüjüminde 29 palestinaly ýogaldy

2161324
Ysraýyl Gaza zolagynyň Han Ýunus şäherinde palestinalylaryň sygynan mekdebe hüjüm gurady

Palestinanyň saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Basyp alyjylar Han Ýunus şäheriniň gündogaryndaky Abesan etrapçasynda ýerleşýän mekdepleriň birine hüjüm gurap, gyrgynçylyk etdi" diýip mälim edildi. 

Palestinanyň hökümediniň metbugat ofisinden berilen beýanatda hem, Abesan etrapçasyndaky mekdebe guralan hüjümde aglabasy çagalardan we zenanlardan ybarat bolan 29 adamyň ýogalandygy, onlarça adamyň ýaralanandygy habar berildi. 

Ysraýylyň soňky birnäçe sagatda amala aşyran 6 aýry gyrgynçylygynda 60 palestinalynyň şehit bolandygy bellenen beýanatda: "Bu gyrgynçylyklar basyp alyjy goşunyň palestinanyň halkyna garşy eýýäm 10 aý bäri edýän genosid jenaýatynyň dowamy häsýetindedir. Asuda ilata garşy bu elhenç gyrgynçylyklary edýän Ysraýylyň basyp alyşlygyny iň berk ýagdaýda ýazgarýarys, mundan başgada ABŞ-nyň hökümediniň genosid jenaýatynda basyp alyjylar bilen bir hatarda durmagyny ýazgarýarys" diýip beýan edildi. 

Beýanatda Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 38 müň 243 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 88 müň 33 adama ýetendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar