Terror Hüjümine Synanşygyň Öňi Alyndy

Bu barada Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy beýannama berdi.

2161487
Terror Hüjümine Synanşygyň Öňi Alyndy

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullygy (FSB) Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň Russiýa degişli” Admiral Kuznesow” atly uçar gämisine “terror hüjümine synanşygynyň” öňüniň alynandygyny beýan etdi.

FSB-niň metbugat gullugyndan berilen beýannamada “FSB, Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň Murmanskdaky Admiral Kuznesow adyndaky uçar gämisine we Moskwada Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli 3 işgärine terror hüjümini gurama synanşygynyň öňi alyndy” diýilýär.

Şol synanşyklaryň Ukrainanyň Howpsyzlyk müdirliginiň Başlygy Kiril Budanowyň görkezmesi bilen guralandygy öňe sürülip, hüjüm synaşygy bilen arabaglanşyklydygy beýan edilen bir adamyň saklanandygy habar berildi.



Degişli Habarlar