Pezeşkiýan Hizbullahy Goldamaga Dowam Eder

Eýranyň saýlanan Prezidenti Mesud Pezeşkiýan ýurdunyň Liwandaky Hizbullaha we sebitdäki “söweşjeň toparlara” güýçli goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

2161113
Pezeşkiýan Hizbullahy Goldamaga Dowam Eder

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä Eýranda Prezidentlige saýlanan Pezeşkiýan, özüne gutlag ýüzlenmesini ugradan Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Hasrallaha ýüzlenip, hat ugratdy.

Hatda, Eýranyň Hizbullaha we sebitdäki söweşjeň toparlara güýçli goldawyny dowam etdirjekdigini nygtan Pezeşkiýan, söweşjeň toparalara goldawyň “Eýranyň esasy syýasatydygyny” beýan etdi.

Mesud Pezeşkiýan “Sebitdäki söweşjeň hereketleriň Ysraýylyň ejir çekýän palestin halkyna we beýleki sebit halkalryna garşy uruş dellallygyna hem-de jenaýat syýasatyny dowam etdirmegine ýol bermejekdigine ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar