Çölde ýiten 14 adamyň jesedi tapyldy

Alžirde Liwiýa serhedine ýakyn bolan çöl zolagynda dereksiz ýiten 14 adamyň jesedi tapyldy

2160872
Çölde ýiten 14 adamyň jesedi tapyldy

Merkezi Alžirde ýerleşýän raýat jemgyýetçilik gullugy Gözleg we halas ediş jemgyýetiniň Facebook hasabyndan berilen beýanatda, Liwiýa serhetdeş bolan Ilizi welaýatynyň çöl zolagynda dereksiz ýiten 12-si siriýaly jemi 14 adamyň öli ýagdaýda tapylandygy mälim edildi. 

Belkubur diýilýän ýerde tapylan we ýaşlary 10 bilen 57 ýaş aralygynda üýtgeýän 14 adamyň jesedi, Ilizi welaýatynyň Burj Ömer Idris sebitindäki morga alynyp gidildi. 

Siriýanyň Alžirdäki ilçihanasyndan berilen ýazmaça beýanatda, çölde jesetleri tapylan 12 adamyň Siriýanyň raýatlardygyny habar berdi. 

Mesele bilen bagly Alžiriň resmilerinden entek beýannama berilmedi. 


Etiketkalar: #jeset , #çöl , #siriýaly , #Liwiýa , #Alžir

Degişli Habarlar