Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 243 adama ýetdi

Ysraýylyň Gaza zolagynyň tapawutly ýerlerine garşy guran hüjümlerinde aralarynda çagalar hem bolan azyndan 15 palestinaly ýogaldy, 22 palestinaly bolsa ýaralandy

2161120
Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 243 adama ýetdi

Ysraýylyň Nusaýrat bosgun düşelgesindäki öýleriň birini nyşana alyp guran hüjüminde 7 palestinaly ýogaldy, ençeme adam ýaralandy. 

Bosgun düşelgäniň demirgazygynda UNRWA degişli mekdebiň nyşana alynmagy netijesinde bolsa 13 palestinaly ýaralandy. 

Deýr al-Belah şäherinde hem öýleriň birine guralan hüjümde eje we çaga bilen birlikde jemi 3 adam ýogaldy, birnäçe adam ýaralandy. 

Ysraýylyň goşuny Gaza şäherine gury ýerden we howadan dowam etdirýän hüjümlerini Rafah şäheri bilen birlikde demiragzykdaky zolaklarda hem artdyrýar. 

Ysraýylyň goşuny ençeme gezek ýerlerinden göçürilen palestinalylary ýene-de başga ýerlere göçmäge mejbur edýär. 

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 243 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 88 müň 33 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 277 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada 3 aýry gyrgynçylyk edendigi, guralan hüjümlerde ýene-de 50 palestinalynyň ýogalandygy, 130 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 243 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 88 müň 33 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 

 



Degişli Habarlar