Maduro Oppozisiýasynyň Saýlawda Galplyk Etmäge Çalyşýandygyny Aýtdy

Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro oppozisiýanyň 28-nji iýulda geçiriljek prezident saýlawlarynda galplyk etmäge çalyşýandygyny beýan etdi.

2157059
Maduro Oppozisiýasynyň Saýlawda Galplyk Etmäge Çalyşýandygyny Aýtdy

Lara welaýaýynda geçirilen mitingde halka ýüzlenip çykyş eden Nikola Maduro, Birleşen demkratik platforma girýän oppozision partiýalara reaksiýa bildirdi.

Maduro 28-nji iýulda geçiriljek prezident saýlawynda üstün çykjakdygyny beýan edip; “Biz üstün çykaryys we uly tapawut bilen tamamlarys. Olar muny bilýär, şol sebäpli saýlawda galplyk etmäge çalyşýarlar” diýdi.

ABŞ-nyň Wenesuela goýan “bir taraply” sanksiýalaryny ýatladan Maduro; “İndi besdir. Wenesuela goşulmaň. Bu edermen halka zyýan bermäň. Bu asylzada halk, geljeginiň ogurlanmagyna ýol bermez. Wenesuealada parahatçylyk bolar. Bu sebitde elmydama parahatçylygy ileri tutarys. Hudaýa ant içýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar