Putin Ukraina Bilen Gepleşikler Üçin Ýurdunyň Şertlerini Beýan Etdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagt Moskwada Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

2153148
Putin Ukraina Bilen Gepleşikler Üçin Ýurdunyň Şertlerini Beýan Etdi

Putin iýun aýynyn 15-16-sy aralygynda Şweýsariýada geçiriljek Ukraina parahatçylyk sammiti hakynda “Şweýsariýadaky maslahata çağyrylmadyk. Russiýasyz, biziň bilen açyk we jogapkärçilikli gepleşik geçirmän, Ukrainanyň we Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça çözgüt tapmak mümkin däl” diýdi.

Putin Ukraina harby güýçlerini Doneskden, Luhanskdan, Hersondan we Zaporožýeden çekip, NATO agza bolma işleğinden el çeken halatynda gepleşiklere başlap biljekdiklerini aýtdy.

Putin; “Ukraina şu gün ýene-de bir gezek hakyky ýaraşyk teklibini hödürleýäris. Hüjümleri wagtlaýynça bes etmegi we meseläni doňdurmagy däl, çaknyşygy bes etmegi teklip edýäris” diýdi.

Wladimir Putin 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukrainany basyp almak üçin görkezme beripdi we şeýlelikde Russiýa-Ukraina urşy başlapdy.



Degişli Habarlar