Günbatara Garşy Durýan Ýurtlara Rus Ýaraglary Berilmeli

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew günbatara garşy durýan ýurtlara ýadro ýaraglaryndan daşgary rus ýaraglarynyň berilmelidigini aýtdy.

2153002
Günbatara Garşy Durýan Ýurtlara Rus Ýaraglary Berilmeli

Medwedew Telegram ýaýlymyndan beren beýannamaynda ABŞ-nyň Russiýa garşy sanksiýalaryny giňeltmek hakyndaky karary boýunça garaýyş beýan etdi.

Şol sanksiýalara garşylyk görkezilmelidigini nygtan Medwedew: “Nähili garşylyk görkezilmeli? Ýurdumyza we ähli raýatlarymyza şol çäklendirmeleri goýan ýurtlara her gün iň ýokary zyýany ýetirmäge çalşalyň. Olar gümbatar dünýäsiniň duşmanlaryna ýarag bermegimizden gorkýarlarmy? Häzirlikçe ýadro ýaragyndan daşgary mümkin bolan ähli ýaraglary olar bereliň. Duşmanymyza garşy düzgünler bolmaly. Russiýa zyýan ýetirýändikleri üçin ejir çeksinler” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy bilen Gazna ministrligi Ukraina bilen söweş sebäpli Russiýa goýlan çäklendirmeleriň gerimini giňeldip, 300-e barabar adamyň we firmanyň sanksiýa sanawyna goşulandygyny habar beripdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem geçen hepde beren beýannamasynda; “Russiýanyň Ukraina ýarag berýän ýurtlaryň möhüm pozisiýalaryny urmak üçin amatly ýerlere, gysyş edilýän ýurtlara we käbir kanuny guramalara uzak aralykly ýarag ugratma hukugyna eýedigini” beýan edipdi.



Degişli Habarlar