Türkiýaniň 2 Uniwersiteti Dünýä Boýunça Birinji Onluga Goşuldy

Türkiýäniň Stambul tehniki uniwersiteti bilen Kaýseridäki Abdullah Gül adyndaky uniwersiteti üç ugur boýunça birinji onluga goşuldy.

2152166
Türkiýaniň 2 Uniwersiteti Dünýä Boýunça Birinji Onluga Goşuldy

Türkiýäniň Stambul tehniki uniwersiteti bilen Kaýseridäki Abdullah Gül adyndaky uniwersiteti merkezi Britaniýada ýerleşýän ýokary okuw jaýlaryny derejelendiriş guramasy “Taým ýokary bilimiň” Bütindünýä uniwersitetleriniň sanawynda üç ugur boýunça birinji onluga goşuldy.

Gurama 2024-nji ýylda 125 ýurtdan we sebitden jemi 2152 uniwersiteti ylmy-barlag, dolanşyk, sosial üpjünçilik we bilim taýdan 17 görkezijide seljerdi.

Şol görkezijileriň üçüsinde türk uniwersitetleri birinji onluga degişli boldy.

Stambul tehniki uniwersiteti “netijeli bilim” we ömür baky bilime goşant goşma hem-de inklýuziw bilim ugrunda 5-nji orny eýelän bolsa, Abdullah Gül adyndaky uniwersitet “ýoksullygyň soňy” ugrunda 5-nji, “howa aksiýasy” ugry boýunça 7-nji orny eýeledi.



Degişli Habarlar