Gruziýa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýarmy?

Gruziýa bilen Russiýa diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan dikeldilmegi barada işjeň pikir alyşýarlar

2152003
Gruziýa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýarmy?

Mtawari Arkhi kanalynyň habar bermegine görä Gruziýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň açylmagy üçin eýýäm häzirki wagtdan işgär gözlenmäge başlandy.  

Hökümediň başyndaky "Gruzin düýşi" partiýasynyň wekilleri bolsa Moskwada ilçihananyň açyljakdygy bilen bagly maglumatyň esassyzdygyny mälim etdiler. 

Russiýa bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar 2008-nji ýylda Moskwanyň Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň "Garaşsyzlyklaryny" ykrar etmeginden soň bozuldy. Şol wagtdan bäri iki ýurduň bähbitlerine Şweýsariýanyň ilçihanalary wekilçilik edýär. 

Bir ýyl ozal ýurtlaryň arasyndaky howa gatnawlary ýaňadandan başlandy we Russiýa birtaraplaýyn häsýetde wiza düzgünini ýatyrdy. Moskwadan Tbilisi şäherine 4 ýyl arakesmeden soň ilkinji uçar sapary 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda amala aşyryldy. 

Bu ýagdaý Tbiliside protestleriň geçirilmegine sebäp bolan bolsa, ýurduň premýer ministri Salome Zurabişwili Moskwanyň aksiýalaryny meçew beriji hökmünde häsýetlendirdi. 



Degişli Habarlar