Jo Baýden çykyş edýärkä ýene-de protest edildi

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden paýtagt Waşington şäherinde geçirilen konferensiýalaryň birinde "Siz Gazadaky genosidiň jenaýat şärigisiňiz" diýip gygyran bir adam tarapyndan protest edildi

2152011
Jo Baýden çykyş edýärkä ýene-de protest edildi

Jo Baýden Waşingtonda ýaragly zorlugyň öňüni almak temasy boýunça ýyllyk geçirilýän "Gun Sense University" atly konferensiýa gatnaşdy. 

Jo Baýdeniň çykyşy, zaldaky bir adamyň: "Siz Gazadaky genosidiň jenaýat şärigisiňiz" diýip gygyramagy bilen kesildi. 

Birnäçe wagt duran Jo Baýden, protestçä gaharlanan zaldaky adamlary köşeşdirip: "Bigünä çagalar öldürildi, ony aýtmaga hakylary bar" diýip belledi. 

Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygyna goldaw bermek bilen günäkärlenýän ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň, gatnaşan çärelerinde edýän çykyşlarynda şuňa meňzeş protestler bilen kesilýär. 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl , #Jo Baýden

Degişli Habarlar