Hizbullah, Ysraýylyň Demirgazygyna Raketa Hüjümini Başlatdy

Hizbullahly serkerde Talib Sami Abdullahyň öldürilmeginden soň Hizzbullah Ysraýylyň demirgazygyna garşy raketa hüjümini başlatdy.

2151984
Hizbullah, Ysraýylyň Demirgazygyna Raketa Hüjümini Başlatdy

Hizbullahyň, Ysraýylyň demirgazygynda ýerleşýän sebitlere garşy 8-nji oktýabrdan bäri iň uly raketa hüjümini başladandygy habar berildi.

Ysraýylyň harby radioasynyň berýän habaryna görä, Liwanyň günortasyndan Ysraýylyň demirgazygyna raketa hüjümi guralýar.

Habarda, Safed, Taberiýa säheri bilen birlikde serhet galasynda Ýokary Jelik etrapçasynda birnäçe ýerde duýduryş berildi.

Hizbullahyň ilkinji gezek Taberiýa şäherine hüjüm gurandygyna üns çekildi.

Ysraýylyň harby radioasyndan berlen beýannamada, Liwandan Ysraýylyň demirgazygyna 90 hüjümiň guralandygy nygtaldy.

Beýannamada, Hizbullahyň hüjümine garşy Ysraýylyň Liwanyň günortasyna hüjüm guraýandygy bellenildi.

Hizbullah heniz mesele hakynda hiç hili beýannama bermedi.

Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran howa hüjüminde Hizbullahly serkerde Talib Sami Abdullahyň öldürilmeginden soň Hizzbullah Ysraýylyň demirgazygyna garşy raketa hüjümini başlatdy.



Degişli Habarlar