Russiýa Käbir Döwlet Gullukçylarynyň Daşary Ýurtlara Gitmeklerini Çäklendirýär
Russiýa käbir daşary ýurtlaryň döwlet syrlaryny ele geçirmäge synanşmagyna alada bildirip, döwlet gullukçylarynyň daşary ýurtlara çykyşlaryny çäklendiriji çäreler görýär.
“Reýteriň” habar bermegine görä bu talap Federal howpsuzlyk gullugyndan gelip gowuşdy. Habarlar gullugy käbir ministrlikleriň işhgärlerini “doslukly” ýurtlar bilen bilelikde daşary ýurtlara ugratmazlygyny isledi. Bileleşik döwletiniň bir bölegi kabul edilýän Belarus, Özbegistan hem gadagan edilen ýurtlaryň düzüminde.
Russiýada daşary ýurt syýahatlarynda berk çäklendirmeler soňky gezek Sowet Soýuzy döwründe bardy. Şol döwürde diňe döwlet gullukçylary däl, adaty raýatlar hem daşary ýurda gitmek üçin ýörite rugsat almaly bolýardy.
“Reýteriň” habar bermegine görä FSB Russiýa-Ukraina urşundan öň hem belli gizlin resminamalara elýeterliligi bolan adamlaryn ýurduň daşyna çykmagyny çäklendiripdi. Beýleki tarapdan günbatarda-da ýokary gizlinlik derejesine eý ebolan maglumatlara elýeterliligi bolan adamlaryn daşary ýurt syýahatlary boýunça berk düzgünler bar. Şonuň bilen bilelikde Russiýanyň goýan düzgünleri kem-käs kaotik, düzgünler guramadan gurama üýtgeýär.
Degişli Habarlar
Halkara Günägeçişlik guramasy Ysraýyly Gazada “Genosid” Edýänlikde Günäkärledi
Bu barada Guramanyň Baş sekretary Agnes Kallamard halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.