BAE-de Rus Raýatlarynyň Bank Hasaplary Ýapylýar

Emma ähli kynçylyklara we bökdençliklere garamazdan ruslar hasaplaşyk hasabyny açmaga dowam edip bilýär.

2104782
BAE-de Rus Raýatlarynyň Bank Hasaplary Ýapylýar

Birleşen Arap Emirliklerinde banklar ikinji derejeli sanksiýalardan çekinýändikleri üçin Russiýa bilen maliýe operasiýalaryny çäklendirmäge we hem firmalaryň hem-de şahslaryň hasaplaryny düşündirişsiz ýapmaga başlady.

BAE-däki ruslaryň arasynda bankçylyk işleri bilen bagly meseleleriň ABŞ-nyň dekabr aýynda Russiýa garşy ikinji derejeli sanksiýalary güýje girizmeginden öň başlandygy beýan edilýär. Banklar Russiýada töleg kabul etmegi bes etdi. Soň bolsa töleg ulgamyna Gonkongdan bir bank degişli edildi, emma fewral aýynda şol bank bilen hem hyzmatdaşlyk bes edildi. Şonuň netijesinde işewürler maliýe işlerinde kripto pul birliginden peýdalanmaga başladylar.

Russiýadan töleg alyp we Russiýa pul serişdesini ugradyp bilmeýän, emma rus müşdesi bolan firmalaryň bankçylyk işlerini amala aşyrmagy kynlaşdy. Käbir banklar bu iş üçin giňişleýin resminama talap edýär we tölegleri uzak wagtlap gijikdirýär.

Emma ähli kynçylyklara we bökdençliklere garamazdan rus raýatlary we firmalary Birleşen Arap Emirlikleriniň banklarynda hasaplaşyk hasabyny açmaga dowam edip bilýär.



Degişli Habarlar