Guterriş Gazada Ýagdaýıň Iňňän Agırdıgını Beýan Etdi
BMG-niň Baş sekretarı Antoniu Guterriş “Dünýäniň iň aç 700 müň adamınıň bäşden dört sanısı Gazada ýaşaýar” diýdi.

Guterriş BMG-nin Howpsuzlık geňeşinde geçirilen “Howanıň üýtgemeginiň azık ınamsızlıgına ýetirýän täsiri” temalı ýokarı derejeli maslahatda çıkış etdi.
Dünýäde çaknışıklar bilen açlıgıň arasındakı elhenç arabaglanşıgıň mısallarınıň näçe diýseň tapılýandıgına ünsi çeken Guterriş; “Gazada hiç kimiň ýeterlik azıgı ýok. Dünýäniň iň aç 700 müň adamınıň bäş sanısından dördi şu kiçijik ýerde ýaşaýar” diýdi.
Antoniu Guterriş Panama kanalıundakı gurakçılık bilen Gızıl deňizdäki çaknışıgıň hem üpjünçilik zınjırına ulı zarba urandıgını beýan edip, azık inflýasiýasınıň artandıgını nıgtadı.
Anık başlangıçlar edilmese ýagdaýıň agırlaşjakdıgını belläp geçen Baş sekretar; “Çaknışıklar artýar, howa ýagdaýı ýaramazlaşýar we azık ınamsızlıgı ýılsaýın artýar” diýdi.
Guterriş BMG-niň Howpsuzlık geňeşiniň öňünde žurnalistlere beren beýannamasında bolsa Isrýılıň Gazanıň Rafah şäherine hüjüm guramagınıň elhenç netijeleriniň boljakdıgını duýdurdı.