BAE-de uçýan taksiler hyzmat bermäge başlady

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde uçýan taksiler hyzmat bermäge başlady

2100919
BAE-de uçýan taksiler hyzmat bermäge başlady

BAE-niň habarlar agentligi WAM-yň X sosial media hasabyndan mesele bilen bagly beýanat berildi. 

Dubaýyň uçýan taksi hyzmatyny bermäge başlan ilkinji şäher bolandygy bellenen beýanatda, uçarman we 4 ýolagça niýetelenen taksinyň nol zyňyndylydygy habar berildi. 

Uçuşyň iň ýokary diapazonynyň 161 km, iň ýokary tizligiň hem sagatda 320 km bolan uçýan taksiniň, Dubaý halkara howa menziliniň golaýynda, şäheriň merkezindäki Downtownda, Dubaý Marinada we Palm Jumeirahda bolmak bilen jemi 4 aýry duralgasynyň boljakdygy mälim edildi. 

Beýanatda Dubaý halkara howa menzili bilen Palm Jumeirahyň arasy 45 minut bolan ýolagçylygyň uçýan taksi bilen 10 minuda çenli azaljakdygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #uçýan taksi , #Dubaý , #BAE

Degişli Habarlar