“Eýran Hüjümlere Degişli Gaýtawuly Görkezer”

"Eýran topraklaryny, bähbidini we raýatlaryny nyşana aljak haýsydyr bir hüjüme degişli gaýtawuly görkezer"

2095598
“Eýran Hüjümlere Degişli Gaýtawuly Görkezer”

Eýran “topraklaryny, bähbidini we raýatlaryny nyşana aljak haýsydyr bir hüjüme degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini” habar berdi.

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Eýranyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ABŞ-nyň soňky 2 günde Eýrana berýän ýüzlenmeleri barada ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada, “Haýsydyr bir tarapyň Eýranyň topraklaryna, serhetleriniň daşyndaky bähbidine ýada raýatlaryna hüjüm guralan halatynda degişli gaýtawuly görkezmek Eýranyň alyp barýan esasy syýasatlaryndan biridir” diýildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň “Eýrana tabynlykdaky yrakly toparlaryň Iordaniýa-Siriýa serhedinde amerikan esgerleriniň ýogalmagyna sebäp bolan uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjümine degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini baradaky beýannamasyndan soň, Eýranyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wehilhanasyndan şeýle beýannamanyň berilmegi ünsleri özüne çekdi.

28-nji ýanwarda, ABŞ-nyň Iordaniýa-Siriýa serhedindäki harby merkeze uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde amerikaly 3 esger ýogalypdy, 40-dan gowrak esger hem ýaralanypdy.

Prezident Baýdeniň başda durmagynda amerikaly ýolbaşçylar hüjümden Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň jogapkärdigini mälim edipdi.

Eýran bolsa ady agzalýan hüjüm bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny aýan etdi.

 



Degişli Habarlar