Abu Ubeýde: "Ysraýylly ýesirleriň aglabasynyň ykballary näbelli" diýdi

Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam topary soňky hepdelerde Gazadaky köp sandaky ysraýylly ýesir bilen aragatnaşygyň kesilendigini mälim etdi

2088684
Abu Ubeýde: "Ysraýylly ýesirleriň aglabasynyň ykballary näbelli" diýdi

Izeddin al-Kassam toparynyň metbugat geňeşçisi Abu Ubeýde "Aksa Tupany" operasiýasynyň 100-nji güni mynasybetli wideo arkaly ýüzlenme berdi. 

Abu Ubeýde Ysraýylyň hüjümlerinde soňky hepdelerde Gaza sektoryndaky köp sanda ysraýylly ýesiriň ykbalynyň näbelli ýagdaýa gelendigini aýan etdi. 

Ysraýylly ýesirleriň aglabasynyň ýakyn wagtda Ysraýylyň goşunynyň hüjümlerinde öldürilen bolup biljekdigini, galan böleginiň hem howp astyndadyklaryny aýdan Abu Ubeýde, ýesirleriň delolarynyň ähli jogapkärçilikleriniň resmi Tel-Awiwe we Ysraýylyň goşunyna degişlidigini beýan etdi. 

Gaza sektorynda 100 günüň içinde Ysraýyla degişli 1 müň harby ulagy täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini aýdan Abu Ubeýde, Ysraýyl goşunyna garşy ulanylýan ok-därileriň we ýaraglaryň aglabasynyň Kassamyň öz önümçiligidigini belledi. 

Abu Ubeýde Gaza garşy hüjümler dowam eden halatynda, garşylyk görkezýän güýçleriň Ysraýyla garşy guraýan hüjümlerini giňeltjekdigi barada maglumat alandyklaryny mälim etdi. 

Kassam toparynyň Telegram hasabyndan düýn ysraýylly ýesirler bilen baglanşykly "Wagt azalýar" sözleri ulanylyp, wideo material paýlaşylypdy. 

Wideoada 2014-nji ýyldan bäri Gazada ýesirlikde saklanýan Oron Şaul we Hadar Goldin atly ysraýylly esgerler bilen we asuda ilatdan Awera Mengistu we Hişam as-Seýýid atly adamlaryň suratlary paýlaşylypdy. 

"10 ýyl geçdi, olar ýadyňyza düşýärmi? 2014-nji ýylda Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, çagalaryňyza äsgermezlik etdi, olary henizem yzyna getirmedi" sözleri bilen paýlaşylan wideoda Gazadaky 4 ysraýylly ýesir bilen gyzyklanýan topar bilen aragatnaşygyň kesilendigi mälim edildi. 

Kassam topary "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrylan düzgün bozmalara garşylyk görkezmek" üçin Ysraýyla garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda hüjüm gurapdy. 

Ysraýyl 7-nji oktýabrda guralan hüjümlerde 1200 ysraýyllynyň öldürilendigini, 5132 ysraýyllynyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň Gaza sektoryndaky hüjümlerinde azyndan 10 müň 300-i çaga, 7 müň 100-i zenan jemi 23 müň 968 palestinaly öldürildi. 60 müň 582 palestinaly bolsa ýaralandy. 

Ysraýylyň goşuny Gaza sektoryna garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 522 esgeriniň öldürilendigini beýan etdi. 

Çaknyşyklara berilen ynsanperwer arakesmede 81 ysraýylly we 240 palestinaly ikitaraplaýyn häsýetde azat edilipdi. 



Degişli Habarlar