Ysraýyl Gazadaky Ýok Ediş Urşuny 3 Aýdan Bäri Dowam Erdirýär

Gabaw astyndaky sebitiň demirgazyk bölegine kömek getirilmegine rugsat berilmeýär.

2085623
Ysraýyl Gazadaky Ýok Ediş Urşuny 3 Aýdan Bäri Dowam Erdirýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhonam Gebreýesusyň beýan etmegine görä Ysraýylyň gabawy adam pidasynyň artmagyna sebäp bolar.

Gurama 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän Gaza söweşiniň soňky 12 gününde Gaza Sektorunyň demirgazygy bilen gatnaşygynyň ýokdugyny beýan etdi.

BSGG duşenbe gijesi X platformasyndan beren habarnamasynda, Al-Awda hassahanasyna berilmegi meýilleşdirilen tabşyrygyň dördünji gezek bes edilendigini habar berdi.

Ysraýylyň agyr bombardymany, çäkli hereket we kesilen aragatnaşyk esasanda demirgazykda ýapylan kenarýaka zolagyna lukmançylyk enjamlarynyň ýetirilmegini tas dolulygyna bökdeýär.

BMG saglygy goraýyş gullukçylarynyň Gaza Sektorynyň demirgazygyna ugradylmagy sebäpli hassahanalarda işgär ýetmezçiliginiň bardygyny hem beýan etdi.

Gebreýesus hem X arkaly beren habarnamasynda, Gaza Sektorynyň demirgazygyna howpsuz we bökdençsiz barmagyň gyssagly ýola goýulmagyny talap edip; “Artykmaç gijä galmak köp sanly adamyň ölmegine sebäp bolar” diýdi.



Degişli Habarlar