Russiýada LGBT hereketi gadagan edildi
Russiýada kazyýet LGBT hereketiniň "ekstremist" hökmünde kabul edilmegi we işiniň gadagan edilmegi barada karar kabul etdi
Russiýanyň Ýokary kazyýeti Adalat ministrliginiň ýüz tutmagy netijesinde LGBT hereketiniň ýurtdaky işleri bilen baglanşykly oturlyşyk geçirdi.
Halk köpçüligine ýapyk häsýetde geçen oturlyşykda LGBT hereketiniň "ekstremist" hökmünde kabul edilmegi we işiniň gadagan edilmegi barada karar kabul edildi.
Russiýanyň Adalat ministrliginden 17-nji noýabrda berilen beýanatda, LGBT hereketiniň işlerinde sosial we dini bölünişigiň elementleriniň anyklanandygy we onuň federal kanunynyň düzgün kadasyny bozýandygy habar berilipdi.
LGBT hereketiniň "ekstremist" hökmünde kabul edilmegi we işiniň gadagan edilmegi üçin Russiýanyň Ýokary kazyýetine ýüz tutulandygy aýan edilipdi.
Degişli Habarlar
NATO-nyň Täze Baş Sekretary Rutte Ilkinji Resmi Saparyny Ukraina Gurady
Rutte saparynyň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen metbugata beýannama berdi.
Ysraýyl, Palestinaly 902 Maşgalany Dolulygyna Ýok Etdi
Ysraýylyň hüjümlerinde halkara derejesinde gadagan edilen ýaraglaryň ulanylýandygy ýatladyldy.