Ysraýyl bilen Hamas üçünji gezek ýesir alyş-çalyş tapgyryny amala aşyrdy

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan çaknyşyklara 4 günlük arakesme berilmek baradaky ylalaşygyň 3-nji güni hem geçdi

2069082
Ysraýyl bilen Hamas üçünji gezek ýesir alyş-çalyş tapgyryny amala aşyrdy

Düýn agşam Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinaly zenanlardan we çagalardan ybarat ýene-de 39 adam azat edildi. 

Onuň ýerine bolsa Hamas ysraýylly 17 ýesir adamy azat etdi. 

Hamas Ysraýyl bilen gazanylan ýesir alyş-çalşygy we çaknyşyklara ynsanperwer arakesme berilmegini öz düzüminde jemleýän ylalaşygyň möhledini has köp ýesiriň azat edilmeginiň çäginde uzatmaga synanyşýandyklaryny habar berdi. 

Hamasyň harby şahasy Kassam topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjüm başladandygyny habar beripdi, onlarça ysraýyllyny ýesir alypdy. 

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi. 

Başdan geçirilýän dartgynlykda aglabasy çaga bolan 14 müňden gowrak palestinaly ýogaldy. 


Etiketkalar: #ýesir , #Hamas , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar