Gümrük Geçelgesini Ýapmak Milli Bähbitlerine Gabat Gelmez
Bu barasynda Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşenko habar berdi.
Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşenko Finlýandiýanyň Russiýa bilen gümrük geçelgesini ýapmak hakyndaky kararynyn öz milli bähbitlerine gabat gelmeýändigini aýtdy.
Russiýanyň “TASS” habarlar gullugyna beýannama beren Gruşko, Finlýandiýanyň Russiýa bilen ähli gümrük geçelgelerini ýapma ähtimallygy hakynda durup geçdi.
Russiýanyň ähli ýurtlar üçin açykdygyny beýan eden Gruşko; “Garşylyk görkezmek üçin çäre görenimizde olary elmydama esasanda milli bähbitlerimiz bilen baglanşdyrýarys. Häzirki wagtda şeýle karar kabul edilse, ol Finlýandiýanyň milli bähbitlerine gabat gelmez” diýdi.
Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow hem mesele hakynda beren beýannamasynda; “Ol bizi çuňňur aladalandyrýar. Sebäbi Finlýandiýa bilen iňňän gowy, pragmatik we özara sarpa goýmaklyga esaslanýan gatnaşyklarymyz bardy. Gynansagam olaryň ýerini Russiýa garşy çemeleşme aldy” diýdi.
Finlýand,ýa “üçünji ýurtlaryň raýatlarynyň” geçişiniň öňüni alma sebäbi bilen hepdäniň ahyrynda Russiýa bilen 4 gümrük geçelgesini ýapmak hakynda karar kabul edipdi. Kararyň 2024-nji ýylyň 18-nji fewralyna çenli güýjüni saklajakdygy habar berildi.