Maliki: "Ysraýyl palestinalylary ýok etmegi umyt edýär" diýdi
Palestinanyň Daşary işler ministri Al-Maliki: "Ysraýyl Gazadaky çaknyşygyň ähli uruşlary bes etjek soňky uruşdygyny aýdýar. Ysraýyl palestinalylary ýok etmegi umyt edýär" diýip nygtady

Arap we Yslam ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryndan ybarat bolan wekiliýet, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agza döwletleri öz içine alýan saparlarynyň ilkinji duralgasynda Hytaýda saparda boldylar.
Maslahatda söz sözlän Palestinanyň Daşary işler ministri Al-Maliki Ysraýylyň Gazadaky palestinalylara garşy "wagşyçylykly jenaýatlar edendigini" beýan etdi.
Maliki: "Suwy, elektrik togy we beýleki zerur zatlary kesdiler, hereket edýän ähli zady öldürdiler, adamlary hukuklaryndan mahrum etdiler" diýip mälim etdi.
Ysraýylyň Gazany gabaýandygyny, Günbatar Şeriadaky topraklary anneksiýa edendigini we palestinalylara garşy diskriminasiýa edýändigini aýdan Maliki: "Gazadaky gabaw 7-nji oktýabrda däl, eýsem Ysraýyl 18 ýyl ozal Gazany dünýäniň iň uly açyk tussaghanasyna öwürmek islän mahaly başlady" diýip habar berdi.
Palestinanyň Daşary işler ministri Al-Maliki ysraýylyň edýänleriniň iki döwletli çözgüdi we palestinalylaryň öz ykballaryny kesgitlemek we garaşsyz döwlet esaslandyrmak hukugynyň düzgünini bozandygyny belläp: "Ysraýyl Gazadaky çaknyşygyň ähli uruşlary bes etjek soňky uruşdygyny aýdýar. Ysraýyl palestinalylary ýok etmegi umyt edýär" diýip nygtady.
Degişli Habarlar

Nigeriýada harby dikuçar ýere gaçdy
Nigeriýanyň Harby-howa güýçlerine degişli harby dikuçar Riwers welaýatynda ýere gaçdy