ABŞ-nyň Goranmak ministri Ukrainada saparda bolýar
ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Jeýms Ostin resmi sapar bilen Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine bardy
2066471

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Jeýms Ostin sosial media hasabyndan Kiýewiň otly duralgasynda düşen suratyny paýlaşdy.
Ukrainanyň hökümeti bilen duşuşyk geçirmek maksady bilen Kiýewe barandygyny aýdan ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Jeýms Ostin: "Şu gün bu ýere möhüm ýüzlenme bermek üçin geldim: ABŞ rus agressiýasyna garşy azatlyk ugrundaky göreşinde hem şu wagt hem-de geljekde Ukrainanyň ýanyndadygyny durmaga dowam eder" diýip habar berdi.
Rus goşuny 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy uruş başladypdy.
Degişli Habarlar

Nigeriýada harby dikuçar ýere gaçdy
Nigeriýanyň Harby-howa güýçlerine degişli harby dikuçar Riwers welaýatynda ýere gaçdy