Guterriş Hüjümleriň Dessine Bes Edilmegine Çagyrýar
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Gazada asuda ilatyň öldürilmegine çuňňur alada bildirip, gyssagly ynsanperwer arakesme üçin çagyryş edýändigi habar berildi.
BMG-niň Metbugat merkezinden berilen ýazmaça beýannamada, Guterrişiň Ysraýyla 7-nji oktýabrda guralan hüjümi ýazgarýandygy ýatladylyp, ähli ýesirleriň dessine we şertsiz boşadylmagy üçin çagyryş edendigi mälim edilýär.
Beýannamada; “Baş sekretar Gazada asuda ilatyň öldürilmegine we Gazadaky gumanitar betbagtçylyga çuňňur alada bildirýär” diýilýär.
“Baş sekretar dessine hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky çagyryşyny gaýtalaýar” diýilýän beýannamada, asuda ilatyň agyr ýitgi çekendigi nygtalýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhanom Gebreýesus bolsa Ysraýylyň agyr hüjümlerine sezewar bolan Gaza hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi.
Gebreýesus X sosial media platformasyndan Gaza hakynda habarnama berdi.
Gazada bir aýdan bäri agyr bombardymanyň dowam edýändigini nygtan Gebreýesus; “Gazada 10 müň adam öldi. Olaryň 4 müňden gowragy çaga. Bu gumanitar pajyga ýene-de näçe wagt dowam eder? Ähli taraplary hüjümleriň bes edilmegi üçin ylalaşmaga we durnukly parahatçylyk ugrunda işleşmäge çagyrýarys. Ýesirleriň dessine boşadylmagy üçin çagyryş edýäris. Taryh ählimizi bu tragediýany bes etmek üçin edenlerimize görä derňär” diýdi.
Degişli Habarlar
Owgan Ministr Kabulda Guralan Hüjümde Öldürildi
Immigrantlar ministri Halil Ur Rahman Hakkani, ministrlikde guralan hüjümde öldürildi.