Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly dünýäniň dört künjeginde bellenilip geçilýär

Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly dünýäniň ençeme ýurdunda uly şowhun bellenilip geçilýär

2057413
Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly dünýäniň dört künjeginde bellenilip geçilýär
baku 29 ekim.jpg
budapeste 29 ekim.jpg

Türkiyäniň diplomatik wekilhanalarynyň ýer eýeçilik etmeginde Respublika baýramy bilen bagly dabaralar geçirilýär. 

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki Türk Şehitlik gonamçylygynda Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly mynasybetli çäre geçirildi.

Çärä Türkiyäniň Baku şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jahit Bagjy, harby attaşe general Soner Oruçogly, DKTR-nyň Bakudaky wekili Ufuk Turganer, Azerbaýjanda iş alyp barýan türk edaradyr-kärhanalaryň wekilleri, ilçihananyň we attaşelik bölüminiň işgärleri, işewür adamlar, talyplar we raýatlar gatnaşdylar.

Türk Şehitlik gonamçylygynyň depderine gol goýan Jahit Bagjy, wekilçilikli şehitleriň guburlaryna gül desselerini goýdy.

Jahit Bagjy ol ýerde eden çykyşynda: "Şu günki güne çenli mundan soň hem Atatürkiň iň uly eserim diýip aýdan Respublikamyzy jebis we agzybir bolup ähli ugurlarda ösdüreris" diýip belledi.

Türkiye Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-nji ýyly Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäheriniň möhüm merkezleriniň biri bolan Gahrymanlar meýdançasynda ýerleşýän Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen kabul edilşik bilen bellenilip geçildi. 

Germaniýada Türkiyäniň Essen şäherindäki baş konsullygynyň ýer eýeçilik etmeginde Respublikanyň 100-nji ýyly bellenilip geçildi. 

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň "Türkiyäniň Reňkleri" hor topary hem tomaşaçylaryň öňünde ýatdan çykarmajak çykyşlar etdiler. 

Gollandiýada hem Respublikanyň 100-nji ýyly bilen bagly dabara geçirildi. 

Türkiyäniň Amsterdam şäherindäki baş konsullygynyň ýer eýeçilik etmeginde dabara geçirildi. 

Türkiyäniň Amsterdam şäherindäki baş konsuly Mahmut Burak Ersoý eden çykyşynda, Türkiye Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-nji ýylyny belläp geçmekden şatdygyny aýdyp: "Respublikamyz köklerini müňlerçe ýyllyk türk döwlet däbinden gözbaş alyp gaýdýar" diýip belledi. 

Dabaralaryň çäginde London şäherinde häzirki zaman türk aýdym-sazynyň möhüm kompozitorlaryndan biri bolan Ýalçyn Turanyň fortepiano konsertiniň dünýä premýerasy geçirildi.

Londondaky Ýunus Emre institutynyň Türkiyäniň London şäherindäki ilçihanasy we London Otag orkestrynyň hyzmatdaşlyk etmegindäki konsert, Şanyň aýdym-saz kollejiniň Amaryllis Fleming konsert zalynda geçirildi.

Konsertden ozal tomaşaçylara ýüzlenip çykyş eden Türkiyäniň London şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Osman Koraý Ertaş, Respublikanyň 100-nji ýylynyň diňe Türkiyede däl, eýsem bütin dünýäde bellenilip geçilýändigini aýtdy. 

Kolumbiýada Türkiýäniň Magaryf gaznasy tarapyndan dabara geçirildi. 

Dabara Respublikanyň 100-nji ýyly paýtagt Bogota şäherindäki And Parlament binasynda Türkiyä bölünip aýrylan ýörite bölümde bellenip geçildi. 

Dabara Türkiyäniň Bogota şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Beste Pehliwan, TIKA we Magaryf gaznasynyň resmileri gatnaşdylar. 

Türkiye Respublikasynyň esasalandyrylmagynyň 100-nji ýyly Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde hem bellenilip geçildi. 

Respublika baýramy Türkmenistan, Hytaý, Bolgariýa we Kosowa döwletlerinde hem bellenilip geçildi. 



Degişli Habarlar