Gazada Müňlerçe Adam Ölüm Howpuna Sezewar

Bu barasynda BSGG-nyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus habar berdi.

2056611
Gazada Müňlerçe Adam Ölüm Howpuna Sezewar

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus Ysraýylyň üznüksiz hüjümleri sebäpli Gazada saglyk üpjünçiligi we ynsanperwer kömek ýetmezçiligi sebäpli müňlerçe hassanyň ölüm howpuna sezewardygyny habar berdi.

Gebreýesus sosial media platformasy X arkaly Ysraýyl-Palestina dartgynlygy hakynda habarma berdi.

“Gazada saglyk üpjünçiliginiň we ynsanperwer kömeginiň ýetmezçiligi sebäpli müňkerçe hassa ölüm howpuna sezewar edilýär” diýip ýazan Gebreýesus, BSGG-nyň Gazadaky adamlaryň azykdan, agyz suwundan we ýangyçdan mahrum edilmegiň ýerine hüjümleri bes etmäge çagyrýandygyny nygtady.

Hamasyň harby bölümi Kassam brigadalary 7-nji oktýabrda Gaza Sektorynda “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

Möwç alýan dartgynlykda iki tarapdan hem müňler adam pida boldy.



Degişli Habarlar