BMG-nyň Baş sekretary Ankarada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ekstremist terror guramasy PKK-nyň Türkiyäniň paýtagty Ankara şäherinde guran terrorçylykly hüjümini ýazgardy
2045311

BMG-nyň Metbugat ofisinden berilen ýzmaça beýanatda: "BMG-nyň Baş sekretary Ankarada guralan terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýar" diýip mälim edildi.
Antoniu Guterrişiň ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýändigi bellenen beýanatda: "BMG-nyň Baş sekretary BMG-nyň türk hökümeti we halky bilen doly ýagdaýda raýdaşlyk içindedigini nygtap geçýär" diýip habar berildi.
Degişli Habarlar

Polşada magdan käninde partlama boldy
Waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy mälim edildi