ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Ministrleri Kiýewde Duşuşdylar

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Ukrainanyň paýtagty Kiýewde ilkinji maslahatyny geçirer.

2044999
ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Ministrleri Kiýewde Duşuşdylar

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär Ýokary wekili Žozep Borrell sosial media platformasy X arkaly beren habarnamasynda, ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerini ilkinji gezek agza däl ýurtlardan birinde maslahata çagyrandygyny beýan etdi.

Borrell; “Ukrainanyň geljegi ÝB-dedir” diýdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen resmi däl maslahatdan öň metbugat ýygnagyny geçiren Borrell, ministrleriň Russiýa garşy söweşýän Ukraina berilýän goldaw boýunça ýetilen sepgit hakynda pikir alyşjadyklaryny aýtdy.

Žozep Borrell ähli agza ýurtlaryň ministrleriniň Kiýewde jemlenşip, Ukrainany goldamakda ygrarlydygyny görkezendiklerini nygtady.



Degişli Habarlar