Ysraýylyň harby uçarlary Gazada gözegçilik diňlerine hüjüm guradylar

Ysraýylyň harby yçarlary Gazanyň günortasynda Hamasyň harby ganadyna degişli 2 aýry gözegçilik diňine hüjüm guradylar

2042704
Ysraýylyň harby uçarlary Gazada gözegçilik diňlerine hüjüm guradylar

Ysraýylyň goşunynyň X sosial media platformasyndan mesele bilen bagly beýannama berildi. 

Beýannamada bombalanan gözegçilik diňleriniň Hamasyň harby ganady Izeddin al-Kassam brigadasyna degişlidigi habar berildi. 

Bombalanan gözegçilik diňleriniň Gazanyň Karni we Refah diýilýän ýerlerinde ýerleşýändigi aýan edildi. 

Hüjümiň netijesinde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar