Yragyň Mosul Şäherinde Bagt Öýünde Bolan Ýangynda 100 Adam Ýogaldy

Ýangyna feýýerwerkleriň sebäp bolandygy we bagt öýünde 800 adamyň bardygy nygtaldy.

2042687
Yragyň Mosul Şäherinde Bagt Öýünde Bolan Ýangynda 100 Adam Ýogaldy

Mosulyň Saglygy goraýyş edarasynyň müdüriniň orunbasary Ahmed Hamdani, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýannamasynda, Mosulyň Hamdaniýe etrabynda bagt öýünde bolan ýangynda 100 adamyň ýogalandygyny, 500 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Ýangyna feýýerwerkleriň sebäp bolandygy we bagt öýünde 800 adamyň bardygy nygtaldy.

Içeri işler ministri Abulemir Şammariniň şu gün ýangynyň başdan geçirlen sebitine gitjekdigi habar berildi.


Etiketkalar: #ýangyn , #Mosul

Degişli Habarlar