Somaliniň lideri: "Türkiyäniň berýän kömeklerinden hoşaldyrys" diýdi

Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud Türkiyäniň ýurduna berýän kömeklerinden hoşaldyklaryny habar berdi

2042453
Somaliniň lideri: "Türkiyäniň berýän kömeklerinden hoşaldyrys" diýdi

Somaliniň Prezident diwanyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Prezident Mahmud Türkiyäniň Mogadişu şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ibrahim Mete Ýagly bilen geçiren duşuşygynda, Türkiye bilen Somaliniň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi. 

Türkiyäniň Somala berýän goldawlaryndan hoşaldyklaryny aýdan Mahmud, iki ýurduň arasynda galkynyş we howpsuzlyk ugurlaryndaky gatnaşyklaryň artýandygyny habar berdi. 

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 2011-nji ýyldaky Somali döwletine guran saparyndan soň tiz depginler bilen özgerdi. 

Iki ýurduň ykdysady, howpsuzlyk we medeni ugurlardaky gatnaşyklary barha artýar. 



Degişli Habarlar