Lawrow: "ABŞ Ýewfrat derýasynyň gündogarynda galla we nebit kontrabandasyny edýär" diýdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ABŞ-nyň Ýewfrat derýasynyň gündogarynda bir Kürt ýarym döwletini esaslandyryp, Siriýanyň nebit we galla kontrabandasyny edýändigini öňe sürdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Tunisiň Daşary işler ministri Nebil Ammar bilen geçiren duşuşygyndan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda söz sözledi.
Siriýa meselesi bilen baglanşykly Türkiye we Eýran bilen Astana formatynyň çäginde işler alyp barýandyklaryny aýdan Sergeý Lawrow, Günbataryň sanksiýalary sebäpli Siriýanyň ykdysadyýetinde uly meseleleriň dowam edýändigini habar berdi.
Ýewfrat derýasynyň gündogarynda ABŞ-nyň aksiýalarynyň hem ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdan Sergeý Lawrow: "ABŞ bu ýerde esasan hem Kürt ýarym döwletini esaslandyryp, Siriýanyň nebit we galla kontrabandasyny edýär" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar

Katarda Uzak Möhletli Ylalaşyk Üçin Gepleşikler Geçirilýär
Bu barasynda Ysraýylyň döwlet teleýaýlymy “KAN" habar berdi.