Hamaneýiň DIM-ne ABŞ Bilen Gönünden Gepleşik Geçirme Ygtyýaryny Bermändigi Beýan Edildi

Eýran ýurduň lideri Aýatulla Ali Hamaneýiň Daşary işler ministrligine ABŞ bilen gönüden gepleşik geçirme ygtyýaryny berendigi hakyndaky habaryň hakykaty beýan etmeýandigini habar berdi.

2042542
Hamaneýiň DIM-ne ABŞ Bilen Gönünden Gepleşik Geçirme Ygtyýaryny Bermändigi Beýan Edildi

Eýranyň Daşary işler ministrligi halkara habar saýtlaryndan birinde çykan habar hakynda ýazmaça beýannama çap etdi.

Beýannamada; “Umuman syýasy şert döretmek üçin öňe sürülýän şeýle esassyz habarlaryň we media oýunlarynyň güýji ýokdur” diýilýär.

Britaniýada ýerleşýän “Amwaž.media” atly habar saýty adynyn tutulmagynyny islemedik ýokary derejeli eýranly çeşmeler esaslandyran habarynda Eýranyň lideri Hamaneýiň ýadro meselesinde gepleşikleri alyp baryjylara ABŞ bilen gönüden gepleşik geçirmäge rugsat berendigini öňe sürdi.

Habarda eýranly gepleşik toparynyň ýolbaşçysy Ali Bakyriniň geljek hepdelerde Ak Tamyň Ýakyn Gündogardan we Demirgazyk Afrikadan jogapkär Koordinatory Mrett MkGurk bilen Omanda duşuşjakdygy öňe sürüldi.

Hamaneý ABŞ-nyň sanksiýalaryndan soň Waşington bilen gönüden gepleşikleri gadagan edipdi.



Degişli Habarlar