Somalide guralan bombaly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Hüjümde ýogalanlaryň sany 18 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 40 adama ýetdi
2041501

Somaliniň Beledweýne şäherinde gözegçilik nokatlarynyň birinde bomba ýüklenen ýük ulagy bilen guralan hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 18 adama ýetendigi habar berildi.
Milli metbugatda berilen habarlara görä, Somaliniň Beledweýne şäherindäki gözegçilik nokatlarynyň birinde partlaýjy ýüklenen ulag partlady.
Hüjümde ýogalanlaryň sany 18 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 40 adama ýetdi.
Resmiler hüjümde uly zyýanyň çekilendigini mälim etdiler.
Hüjümi hiç bir terror guramasy öz üstüne almadyk hem bolsa, hüjümiň arkasynda terror guramasy Aş-Şebabyň bardygy öňe sürülýär.
Degişli Habarlar

Katarda Uzak Möhletli Ylalaşyk Üçin Gepleşikler Geçirilýär
Bu barasynda Ysraýylyň döwlet teleýaýlymy “KAN" habar berdi.