ABŞ Owganlara Wagtlaýyn Hemaýat Derejesini Berer

ABŞ häzirki wagtda ýurtda ýaşaýan ýene-de 14,600 owgana wagtlaýyn hemaýat derejesiniň berijekdigini beýan etdi.

2040992
ABŞ Owganlara Wagtlaýyn Hemaýat Derejesini Berer

ABŞ-nyň İçerki howpsuzlyk ministrligi düýn owgan immigrantlary hakynda beýannama berdi.

Beýannama görä 2022-nji ýylyň 15-nji marty bilen 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabry aralygynda ýurda gelen owgan immigrantlaryna wagtlaýyn hemaýat derejesi beriler.

Şol çäkde ýene-de 14,600 owgan şol derejeden peýdalanar.

Şeýle hem häzirki wagtda ABŞ-da wagtlaýyn hemaýat astynda ýaşaýan 3,100 Owganystan raýatynyň hukuk derejesiniň möhleti 18 uzaldylar.

İçerki howpsuzlyk ministri Aležandro Maýorkas; “Ministrlik bu wagtlaýyn ynsanperwer kömegi arkaly owgan raýatlaryny goldamaga dowam eder” diýdi.

Ministrlik düýn häzirki wagtda ýurtda ýaşaýan ýene-de 472 müň wenesuelala wagtlaýyn hemaýat derejesinin beriljekdigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar