Daşary Işler Ministri Fidan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Borrel bilen Fidan Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşan Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Daşarky gatnaşyklar we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel bilen duşuşdy.
Borrel sosial mediadan beren habarnamasynda, Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Nýu-Ýorkda duşuşandygyny we Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny mälim etdi.
Borrel, Hakan Fidan bilen şeýle hem Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.
Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda hem ministr Fidanyň Nýu-Ýorkda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ministrler derejesinde geçirlen Ýyllyk utgaşyklyk maslahatyna gatnaşandygy nygtaldy.
Habarnamada, Fidanyň Latwiýanyň Daşary işler ministri Arturs Karins, Belarusyň Daşary işler ministri Sergeý Aleýnik we Bahreýniň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid az Zeýýani bilen duşuşandygy bellenildi.
Habarnamada Daşary işler ministri Fidanyň Türköýünde Panamanyň Daşary işler ministri Menjomo bilen hem duşuşandygy ýatladyldy.
Degişli Habarlar

"Gyzyl Deňizde Söwda Gämilerine Guralan Hüjümlerden Eýran Jogapkär"
ABŞ, Gyzyl deňizdäki söwda gämilerine guralan hüjümlerden Eýranyň jogapkärdigini habar berdi.