Ýewropa Parlamenti 400 Million Ýewropalyk Kömegi Tassyklady

Ýewropanyň Parlamentiniň Býužet komiteti ÝB-niň Türkiýä Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri zerarly 400 million ýewrolyk kömek bermegini tassyklady.

2039906
Ýewropa Parlamenti 400 Million Ýewropalyk Kömegi Tassyklady

ÝB Komissiýasynyň Türkiýä, İtaliýa we Rumyniýa cemi 454,8 million ýewrolyk betbagtçylyk kömegini bermegi hakyndaky teklibi 26 ses bilen kabul edildi.

ÝP-niň Baş Assambleýasynyň 2-5-nci oktýabr aralygynda Starburgdaky maslagatynda geçirilcek sese goýukşykda hem kömekleriň tassyklanmagyna garaşylýar.

Komissiýanyň kömegi öňňin ÝB-ne agza ýurtlar tarapyndan emele getirilýän ÝB Geňeşinde tassyklanypdy.

Kömegiň 400 million ýewrosy fewral aýynda Kahranmaraşda bolan ýer tiremeler sebäpli Türkiýä beriler.

Kömegiň 33,9 million ýewrosy 2022-nci ýylda gurakçylyk sebäpli agyr ýitgi çeken Rumyniýa, 20,9 ýewrosy bolsa 2022-nci ýylyň sentýabr aýynda siller sebäpli ýitgi çeken İtaliýa beriler.

Kömekler ÝB-niň býucetiniň arkaklaşyk we gyssaglyk kömekler üçin bölünip berilen böleginden beriler.



Degişli Habarlar