Pakistan, Garabagy Azerbaýjanyň Territoriasy Hökmünde Görýär
Pakistan,Azerbaýjanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine doly goldaw berýär

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mümtaz Beluç, paýtagt Yslamabatda beren beýannamasynda, ýurdunyň Azerbaýjanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine doly goldaw berýändigini aýtdy.
Beluç, ýurdunyň Garabagy Azerbaýjanyň territoriasy hökmünde görýändigini nygtap, “Bu tutumymyz BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň kararlaryna we halkara hukugyna bap gelýär” diýdi.
Mümtaz Zehra Beluç, Azeraýjanyň bitewiliginiň we özygtyýarlygynyň ähli taraplar tarapyndan kabul edilmegini we sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagyny umyd edýändiklerini nygtady.
Beluç, Pakistanyň, Garabagda minanyň ýarylmagy sebäpli ýogalanlar üçin Azerbaýjanyň halkyna we hökümetine çuňňur gynanç bildirýändigini belledi.
Degişli Habarlar

Nigeriýada harby dikuçar ýere gaçdy
Nigeriýanyň Harby-howa güýçlerine degişli harby dikuçar Riwers welaýatynda ýere gaçdy