Eýranda Sil Betbagtçylygy Sebäpli 7 Adam Ýaralandy
“Sil sebäpli ýykylan köprüdäki 2 ulag derýa gaçdy, wakada 7 adam ýaralandy”
2038897

Eýranyň Gilan welaýatynyň Astara şäherinde sil betbagtçylygy sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä, 7 adam ýaralandy.
Şäher häkimi Ryza Şahabzade, şäherde aşa köp ýagýan ýagyşlaryň siliň gelmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
Şabahzade “Sil sebäpli ýykylan köprüdäki 2 ulag derýa gaçdy, wakada 7 adam ýaralandy” diýdi.
Eýranly ýolbaşçysy, şäherde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini belledi.
Sil sebäpli Astara bilen arabaglanşykly ýollara zeper ýetirlendigi, Astara we Haje Kere çaýlarynyň daşmak howpunyň bardygy nygtaldy.