ABŞ, Russiýany, Ukrainanyň Galla Ammarlaryna Hüjüm Guramakda Günäkärledi
Moska hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berildi
ABŞ, Russiýanyň, Ukrainanyň galla ammarlaryna hüjüm guramak bilen günäkärledi we Moska hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen habarnamada, Ukrainanyň Rubežnogo etrapçasynda nyşana alynandygy öňe sürülýän galla ammarynyň hüjümden öňki we soňky foto suratlaryna ýer berildi.
Habarnamada, Russiýanyň Ukrainadaky galla ammarlaryna guraýan hüjümleriniň ýurtda daýhanlara we dünýäde açlyga sezewar bolanlara uly zeper ýetirýändigi bellenildi.
Habarnamada, Russiýa galla ammarlaryna guraýan hüjümlerini bes etmegi we Gara deňiz galla başlangyjyna dolanmagy üçin çagyryş berildi.
ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili hem Russiýany İzmail portuna hüjüm guramakda günäkärledi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Gara deňizde Ukrainanyň İzmail portuna tarap barýan ýük gämisine hüjüm guralandygyny mälim edipdi.
Degişli Habarlar
Tramp kasam ediş dabarasyndan soň ilkinji kararnamalara gol çekdi
Tramp duşenbe güni Baýden döwründe kabul edilen 78 kararnamany bes edip, işe girişdi.